«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karlodaky festiwala taýýarlyk görüp başlady

13:5707.02.2023
0
30833

Türkmenistanyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary 2025-nji ýylda Monte Karloda geçiriljek Halkara sirk festiwaly üçin özboluşly çykyşlary taýýarlap başlady.

Festiwala gatnaşyjylaryň çapyksuwar Aman Bäşimow düýbünden başgaça hörpdäki çykyşlaryna has haýran galjakdygyny aýdyp bolar. Onuň sözlerine görä, iň esasy zat at bilen umumy dil tapmakdyr.

«Her okuw sapagyndan öň atlar bilen mümkin boldugyça köp aragatnaşyk saklamaga synanyşýarys. Biz olar bilen gürleşýäris, aramyzy ýakynlaýarys» diýip, toparyň agzasy «Mir 24»-iň habarçysyna gürrüň berdi.

At bilen edilýän täze hereketi taýýarlamak üçin bir aýdan gowrak wagt gerek. Iň tejribeli çapyksuwarlar hem ätiýaçlandyryş enjamlary bilen işleýärler. Monte-Karlodaky festiwalda akrobatiki çykyşlar ozalkysyndan hem ýokary tizlik bilen ýerine ýetiriler.

Bu festiwala indi 20 ýyldan gowrak wagt bäri Monakonyň şazadasy ýolbaşçylyk edýär. Şazada Stefani ahalteke bedewlerini diýseň gowy görýär. Toparyň agzalary festiwala berlen çakylyga örän begenýändiklerini aýdyp, onda Türkmenistana mynasyp derejede wekilçilik etjekdiklerine ynandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň