Türkmenistanyň «Galkynyş» topary «Monte Karlo» sirk festiwalyna gatnaşar

17:0730.01.2023
0
40000

Türkmenistanyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte Karloda geçiriljek Halkara sirk festiwalyna gatnaşarlar. Bu barada festiwalyň Guramaçylyk komitetiniň metbugat gullugy habar berdi.

«Galkynyş» toparynyň ýolbaşçysy Pygy Baýramdurdiýewiň we Türkmen döwlet sirkiniň müdiri Serdar Gurbangulyýewiň «Monte Karlo» festiwalynyň prezidenti Urs Pilsiň arasyndaky duşuşykda Türkmenistan bilen Monte Karlo festiwalynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Urs Pils türkmen sungat işgärlerini 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek 47-nji «Monte Karlo» halkara sirk festiwalyna gatnaşmaga çagyrdy.

Halkara sirk festiwalynyň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, türkmenler dünýädäki iň oňat sirk artistleriniň hataryndadyr. «Galkynyş» toparynyň «Monte Karlo» festiwalyna gatnaşmagy halkara arenasynda türkmen sirk sungatynyň ussatlygynyň subutnamasy bolar. .

Şeýle hem Urs Pils «Monte Karlo» festiwalynda özboluşly ahalteke atlaryny hödürlemäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň