Top.Mail.Ru

Arhiw

Serdar Azmun: “Türkmenistanda ilkinji gezek 8 ýaşymdakam bolupdym”

17:0524.06.2015
0
53251

Dünýä çempionaty — 2018-iň Türkmenistan bilen Eýranyň ýygyndysynyň arasynda Daşoguzda geçen saýlama duşuşygyna gatnaşmak üçin demirgazyk welaýatyň merkezine gelen türkmen kökleri bolan belli eýran futbolçysy bilen duşuşyp, söhbetdeş bolmak ýeňil düşmedi. Eýranyň ýygyndysynyň ýörite wekili köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň 20 şaýly ýyldyza ýakynlaşmazlygy üçin elinde baryny etdi. Şeýle-de bolsa, www.turkmenportal.com saýtynyň erjel žurnalistlerine 5 minutyň dowamynda Azmun bilen gürrüňdeş bolmak başartdy.

Ony okyjylaryň dykgatyna ýetirmezden ozal gürrüňdeşimiziň portretine käbir ştrihleri getirmegi makul bildik.

Serdar Azmun 1995-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Eýranyň Kümmethowuz şäherinde doguldy. Woleýbolçylar maşgalasynda önüp-ösdi. Kakasy belli eýranly woleýbolçy Halyl Azmun, Eýranyň ýygyndy toparynyň ozalky oýunçysy gyz dogany hem bu ýurduň ýygyndysynda çykyş etdi, ejesi — woleýbol tälimçisi.

Serdar türkmen hem pars dillerini bilýär, at üstünde gezelenç etmek hem onuň eý görýän pişesi.

Serdar Azmun futbol bilen 9 ýaşynda meşgullanyp başlady. 11 ýaşynda ilkinji gezek 12 ýaşa çenlileriň arasynda Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy. 15 ýaşynda Eýranyň çempionatynyň ýokary diwizionynda çykyş edýän Yspyhanyň “Sepahan” toparynda oýnady. Kazanyň “Rubininiň” düzüminde 2012-nji ýylyň dekabrynda, ýagny 17 ýaşynda geçdi. Şeýlelikde, taryhda daşary ýurt toparynda çykyş edýän iň ýaş eýranly futbolçy boldy. 2015-nji ýylyň fewralynda “Rostowa” geçdi we ol ýerde möwsümiň ahyryna çenli kärendesine oýnady.

2013-nji ýylyň oktýabrynda ilkinji gezek Eýranyň milli ýygyndysyna çagyryldy. Onuň bu toparyň düzümindäki ilkinji duşuşygy 2014-nji ýylyň 26-njy maýynda bolup geçdi. Şonda Çernogoriýa garşy bolan ýoldaşlyk duşuşygynda Serdar 60-njy minutda meýdana girdi. Ýygyndynyň düzümindäki ilkinji goluny 2014-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Günorta Koreýa garşy ýoldaşlyk duşuşygynyň 68-nji minutynda geçirdi. 2015-nji ýylyň başlaryna Awstraliýada geçirilen Aziýanyň Kubogy — 2015-iň final böleginde iki pökgi geçirip, Eýranyň ýygyndysyna toparçadan çykmaga kömek etdi. Ýakynda başlanan Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama ýaryşynda hem Serdar ilkinji pökgüsini geçirmäge ýetişdi. Ol Türkmenistanyň ýygyndysyna garşy oýnuň 4-nji minutynda tapawutlandy.

—Serdar, seniň ilkinji gezek Türkmenistana gelşiňmi?

—Ýok, Türkmenistana ilkinji gezek enem-atam bilen 8 ýaşymda garyndaşlarymyza barypdyk. Şonda belli türkmen aýdymçysy Leýle Şadurdyýewa bilen bolan duşuşyklarymyz hem ýadymdan çykanok.

—Seniň futbol durmuşyňda Gurban Berdiýew nähili orun eýeledi?

—Men bu meselede Gurban Berdiýewe minnetdar. Ol futbolçylaryň arasynda örän sylag-hormatly tejribeli, atly tälimçi. Gurban Bekiýewiçiň maslahatlary özüňe bolan ynamyňy artdyrýar, tükeniksiz güýç berýär.

—Siz Gurban Berdiýew bilen türkmen dilinde gürleşýärsiňizmi?

—Elbetde, klubda terjimeçi bar. Ýöne oýun wagty köplenç diňe türkmen dilinde gürleşýäs.

—“Rostowda” kärende möhletiň gutaransoň, haýsy toparda oýnamakçy?

—Men Kazanyň “Rubinine” dolanyp barmaly. Bu topar bilen ýene iki ýyllyk şertnamam bar.

—Türkmenistanyň Guamdan 1:0 hasabynda ýeňilmegini Eýranyň ýygyndysynda nähili kabul etdiler?

—Biz türkmen futbolçylarynyň köp wagty ýolda geçirendiklerini, oýna ýadow halda barandyklaryny bilýäs. Şonuň üçinem olar oýna doly derejede taýýar çykyş bilmediler. Ýöne muňa futbol diýýärler.

—Türkmenistanyň we Eýranyň ýygyndy toparlarynyň arasynda saýlama duşuşyga nähili duýgular bilen çykdyň?

—Meniň Watanym — Eýran, men ol ýerde önüp-ösdüm, kemala geldim, häzirem ýaşaýan. Şonuň üçinem öz toparymyň üstünlik gazanmagy üçin elimde baryny gaýgyrman.        

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň