Türkmenistanyň ýygyndysy ýeňil atletika boýunça ýapyk binalardaky Aziýanyň çempionatyna gatnaşar

19:1201.02.2023
1
26344

Türkmenistanyň ýeňil atletika federasiýasynyň türgenleriniň 5-si ýapyk binalardaky X Aziýanyň çempionatyna gatnaşar. Orient yklym ýaryşynyň Gazagystanyň Astana şäherinde geçiriljekdigini habar berdi.

Aziýanyň çempionaty 10 ― 12-nji fewral aralygynda geçiriler. Bu ýaryş Aziýanyň ýeňil atletika assosiasiýasynyň 2023-nji ýylda meýilleşdiren esasy çäreleriniň biridir.

Ýaryşa 31 döwletden 500-e ýakyn türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Yklym çempionaty ýeňil atletikanyň 26 görnüşi boýunça geçiriler.

Ýaryşy Astana şäherindäki «Gazagystan» ýeňil atletika sport toplumynda geçirmek meýilleşdirilýär. Ýeňil atletika federasiýalarynyň halkara assosiasiýasynyň güwänamasyna eýe bolan bu toplum 6,838 tomaşaça niýetlenendir.

Baýmyrat Aşyrmyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen türgenleri 60 metr aralyga päsgelçilikli ylgamak, şol aralyga göni ylgaw we uzynlygyna bökmek boýunça ýaryşlara gatnaşarlar.

Ýeňil atletika boýunça ýapyk binalardaky Aziýanyň çempionaty GDA agza döwletlerde ilkinji gezek geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Lika ( 07.02.2023 )

Исправьте пожалуйста фамилию руководителя : Баймурад Аширмурадов

0