Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan 2023-nji ýylyň fewral aýy üçin medeni çäreleriň maksatnamasyny hödürleýär

12:1227.01.2023
0
45186

Habar berişimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň fewral aýynda meýilleşdirilen esasy çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň şygaryna, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna we Diplomatik işgärleriň gününe bagyşlanan maslahatlary, söhbetdeşlikleri, döredijilik duşuşyklaryny, mediaforumlary, aýdym-sazly dabaralary we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli dürli çäreler geçiriler. 10-njy fewralda Döwlet çeperçilik akademiýasynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni miras boýunça Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli okuw maslahaty geçiriler. Şol gün Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň we ABŞ-nyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklaryndaky konserti guramak meýilleşdirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Şeýle hem 12 — 14-nji fewralda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günlerini, 15 — 17-nji fewralda bolsa EYR-nyň ýöriteleşdirilen sergisini geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwrüň talaplaryna laýyklykda medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtady. Ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini bütin dünýäde wagyz etmäge, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen öňümizdäki çärelere we dabaralara taýýarlyk görmek meselesi barada durup geçip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň