Özbegistan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Azerbaýjana uly mukdarda awtoulag ätiýaçlyk şaýlaryny iberdi

15:3725.01.2023
0
51985

Özbegistandan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen Azerbaýjana ýüzden gowrak 40 futlyk konteýnerleri iberdi.

Awtoulag ätiýaçlyk şaýlary ýüklenen konteýnerler Azerbaýjanyň «AZERMASH SP» LLС kompaniýasy üçin niýetlenendir diýip, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi habar berýär.

Awtoulag pudagynda ulanylýan ätiýaçlyk şaýlary «UzAVTO MOTORS» paýdarlar jemgyýeti tarapyndan iberildi. Portdan ýük daşamalaryny amala aşyrmak bolsa, «Türkmenistanyň Ulag logistika merkezi» PJ tarapyndan amala aşyryldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, «Deňiz Söwda floty» 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenbaşy — Baku — Türkmenbaşy ugry boýunça konteýner daşamalaryny amala aşyrmak üçin «Balkan» gämisini fider gatnawlarynda ulanyp başlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň