Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabat şäherinde täze metjit gurlar

15:5219.06.2015
0
4403

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji iýunda geçiren göni aragatnaşyk arkaly wideo şekilli iş maslahatynyň barşynda degişli Karara gol çekdi. Mukaddes Oraza aýynyň ilkinji gününde gol çekilen resminama laýyklykda, Lebap welaýatynyň häkimligine Türkmenabat şäherinde 3000 orunlyk metjidiň, 500 orunlyk sadaka berilýän jaýyň, 50 orunlyk myhmanhananyň, awtoduralganyň taslamalaryny düzmek we olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Altyn gül”  hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň iýun aýynda başlamak hem-de metjidi 2018-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň