Altymyrat Annadurdyýew «Altyn asyr» bilen hoşlaşdy

14:5522.01.2023
0
28516

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew özüniň jemgyýetçilik torlaryndaky sahypasynda paýtagtyň «Altyn asyr» futbol topary bilen hoşlaşdy.

«Ýatdan çykmajak ýedi ýyllyk tejribe üçin «Altyn asyr» futbol klubyna hoşallyk bildirýärin. Men karýeramdaky täze mümkinçilikleri gözlemek üçin «Altyn asyr» bilen hoşlaşýaryn. Toparyň öz döwründe maňa gapylaryny giňden açyp, ukyp-başarnygymy görkezmäge döreden mümkinçiligi üçin hoşallyk bildirýärin. Maňa bu toparda futbolçy ýoldaşlarym, tälimçilerim, lukmançylyk işgärleri we klubyň ýolbaşçylary ýakyndan ýardam berdiler. Ýene size janköýerlik ederin!» diýip, 29 ýaşly futbolçy ýazdy.

«Altyn asyra» 2016-njy ýylda «Ahaldan» goşulan Altymyradyň indi haýsy toparyň köýnekçesini geýjekdigi heniz belli däl.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň