Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi

21:4521.01.2023
0
63855

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurduň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatynda öňe süren başlangyjy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köpasyrlyk taryhynda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, halkyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alyp we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerip, şeýle-de ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy giňden ara alnyp maslahatlaşyldy we onuň jemleri boýunça Halk Maslahatynyň hukuk esaslaryny berkidýän degişli Kanun kabul edildi. Onda Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurduň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara diýlip ykrar edildi.

Halk Maslahatynyň işi mejlisler görnüşinde amala aşyrylar we onuň mejlisine agzalarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi gatnaşýan bolsa, ol ygtyýarlydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleri zerurlygyna görä, ýöne ýylda azyndan bir gezek onuň Başlygy tarapyndan ýa-da Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň üçden bir böleginiň teklibi boýunça çagyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň