Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa Türkmenistan bilen hasaplaşyklary milli pulda geçirişmäge taýýar

17:5920.01.2023
0
42882

Russiýa Federasiýasy Türkmenistan bilen edilen söwda hyzmatdaşlygyndaky hasaplaşyklary milli pulda geçirmegiň tarapdary.

Bu barada ýurduň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Sergeý Katyrin Aşgabatda geçirilen Türkmen-russiýa işewürlik forumynda aýtdy.

«Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek gerek, has anygy — milli puldaky özara hasaplaşyklara geçmek üçin şert döretmeli» diýip, ol foruma gatnaşyjylaryň ünsüni bu meselä çekdi.

Şeýle hem Katyrin telekeçiler üçin giriş düzgünleriniň ýönekeýleşdirilmeginiň möhümdigini belledi we iki döwletiň ikitaraplaýyn peýdaly önümleriniň gyssagly üpjün edilmeginde «Ýaşyl geçelgäniň» döredilmegine aýratyn üns berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň