Türkmenistanyň we Russiýanyň işewür toparlary Aşgabatda geçirilen türkmen-rus işewürlik forumynda jemi bahasy 150 milliard rubllyk ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekdiler.
Bu barada TASS Russiýanyň Ykdysady ösüş ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.
«Forumda iki gün dowam eden netijeli gepleşiklerde soň taraplar jemi bahasy 150 milliard rubla ýetýän şertnamalaryň 50-den gowragyna gol çekdiler. Iki döwletiň işewürleri täze taslamalary taýýarlamaga taýyn. Şu günler forumda ýolbaşçylyk eden Russiýanyň Eksport Merkeziniň goldawy bilen Türkmen demirýollarynyň, ýük awtoulaglarynyň we enjamlarynyň hereket edýän flotuny kämilleşdirmek boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär» diýip, ministriň orunbasary Dmitriý Wolwaç aýtdy.