«KamAZ» Türkmenistanyň howa şertlerinde synag etmek üçin iki sany elektrik awtobusyny we aşa çalt zarýad beriş stansiýasyny gowşurdy. Bu barada Aşgabatda geçirilen Türkmen-rus işewürlik forumynda «KamAZ»-yň baş müdiri Sergeý Kogogin habar berdi.
«Iň täze tehnologiýany üpjün etmegiň mümkinçiligi barada aýdanymda, «KamAZ»-yň elektrik awtobuslaryny öndürmekde Russiýada öňdebaryjydygyny belläsim gelýär. <…> Bu gün bu usuly Türkmenistana, ähli artykmaçlyklaryna baha bermek üçin mümkinçilikleri hödürlemekden hoşal. Türkmenistanyň howasynda enjamlary barlamak üçin iki sany «KamAZ» elektrik awtobusy we aşa çalt zarýad beriş stansiýasy getirildi. Bu döwrebap enjamlar Ahal welaýat häkimligine, «Türkmenawtoulaglary» agentligine we Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyna hödürlendi. <…> «KamAZ» Türkmenistan üçin zerur bolan mukdarda elektrik awtobuslaryny bermäge taýyn» diýip, Sergeý Kogogin aýtdy.
Kogogin 800 töweregi elektrik awtobusynyň öndürilendigini, olaryň häzirki wagtda Moskwanyň gatnaw ugurlary boýunça hereket edýändigini aýtdy. Mundan başga-da, Russiýanyň beýleki şäherlerinde awtobuslaryň synag işi geçirilýär. Şeýle hem ol türkmen bazarynyň «KamAZ» üçin ileri tutulýan ugurlardan biridigini aýtdy.
«Netijeli hyzmatdaşlygyň subutnamalarynyň biri 1982 awtoulag bilen üpjün etmek baradaky esasy şertnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegidir. Umuman alanyňda, hyzmatdaşlygyň dowamynda dürli maksatlar üçin 10 müňden gowrak enjam Türkmenistana ýetirildi» diýip Kogogin habar berdi.
Mundan başga-da, ol 2023-nji ýylda «KamAZ»-yň Daşoguz welaýatynda hyzmat ediş merkezini açmagy meýilleşdirýändigini tassyklady.
Sergeý Kogogin: «Häzirki wagtda 4 awtoulag merkezi işleýär, bäşinjisi şu ýyl ulanyşa berler» diýdi.