Belarusly futbol agenti Wladimir osipow «Abdyş-Atanyň» we Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň derwezeçisi Rahat Japarowyň «Gomel» futbol toparyna geçmek mümkinçiligi barada pikirlerini beýan etdi. Onuň aýdanlaryny Bet News getirdi.
«Bu oýunçy bilen bagly ýagdaýlar häzir böwetde saklanyp dur. Klub futbolçyny gözden geçirmek isleýär, Rahat bolsa göni şertnama baglaşmagyň tarapdary. Iki tarapa-da düşünmek gerek. Ýöne bassyr iki ýyllap iki çempionatyň iň gowy derwezeçisi hökmünde yglan edilen oýunçyny gözden geçirjek bolmak hem dogry däl diýip hasaplaýaryn. Onuň gowy futbolçydygy görnüp dur. Häzirlikçe, gepleşikler dowam edýär» diýip, futbol agendi gürrüň berdi.
Şu hepde metbugatda Gomel şäheriniň toparynyň türkmenistanly futbolçy bilen gyzyklanýandygy barada habarlar berildi. Oňa Ermenistandan, Gruziýadan we Özbegistandan hem teklipler bar.
Rahat Japarow 2021-nji ýylda Täjigistanda, geçen ýyl bolsa Gyrgyzystanda iň gowy derwezeçi saýlanyldy. Ol 2019-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzasydyr. Transfermarkt Rahat Japarowa 250 müň ýewro baha kesýär.