Türkmenistanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahaty mynasybetli şäher awtobuslary ýakyn wagtda boljak çäräni wagyz edýän ýazgylar bilen bezeldi.
Şäher awtobuslarynyň gapdallarynda ýerleşdirilen açyk ýaşyl ýazgylar uzakdan hem görünýär: «Döwletliniň ugran işi oň bolar!» ýa-da «Döwletli maslahat oň bolsun!».
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatynyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljekdigini ýatladýarys.