Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin ykdysady meseleler boýunça 17-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Merkezi Aziýa sebitindäki adatdan daşary sowuk howa barada durup geçdi. Bu barada kremlin.ru saýtynda habar berilýär.
Hususan-da, Russiýanyň döwlet Baştutany Merkezi Aziýadaky adatdan daşary sowuk howa barada şeýle diýdi:
— Bolýan zatlara serediň: Ýewropada maýyl howa, Türkmenistanda (men bu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldum) -25, Özbegistanda bolsa -23.
Wladimir Putin şeýle diýmek bilen, howanyň adatdan daşary üýtgemeleri sebäpli 2023-nji ýylyň oba hojalyk möwsümi barada kesgitli çaklama berip bolmajakdygyny, şonuň üçin hem oba hojalyk önümleriniň bar bolan durnukly ätiýaçlyk gorlaryny saklap galmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Ozal habar berşimiz ýaly, düýn — 17-nji ýanwarda Türkmenistanyň we Russiýa Fedrasiýasynyň döwlet Baştutanlary telefon arkaly söhbetdeş boldular. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýn strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, şeýle-de energetika meseleler boýunça pikir alşyldy.
Adatdan daşary sowuk howa sebäpli Merkezi Aziýa ýurtlarynda we Türkmenistanyň käbir sebitlerinde howanyň iň pes derejesi boýunça rekord görkezijileriň hasaba alnandygyny ozal habar beripdik.