ABŞ-da ilkinji gezek iki gatly öý çap ediler

17:3417.01.2023
0
52199
ABŞ-da ilkinji gezek iki gatly öý çap ediler
Surat: foyr.com

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda adaty bolmadyk öý gurlar diýip, «Habar 24» ýazýar. Ony ilkinji gezek 3D-printerde çap ederler.

Öýüň tutýan meýdany 370 inedördül metrden gowrak. Ony çap etmek işi ýarym aý dowam eder. Munuň üçin agramy 12 tonna bolan ýörite enjam ornaşdyryldy.

Işiň ýarpy bölegi eýýäm tamamlandy. Öýi gurujylaryň aýtmagyna görä, olar işe tarp ýerden girişipdirler. Geljekki öý eýýäm satyn alnypdyr.

Täze öýi çap etmek üçin bäş adam işleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň