Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ilçisi Ermenistanyň Döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

11:3417.01.2023
0
47734
Türkmen ilçisi Ermenistanyň Döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy
Surat: armenia.tmembassy.gov.tm

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň rektory Diana Galoýan bilen duşuşdy. Duşuşyga EDYU-niň Daşary aragatnaşyklar bölüminiň direktory Lusina Daniýelýan we Halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy Anželika Musaýelýan gatnaşdy diýip, ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.

16-njy ýanwarda geçirilen duşuşykda ilçi Aýazow ikitaraplaýyn diplomatiki gatnaşyklary ösdürmek we berkitmek babatda Ilçihananyň alyp barýan umumy işleri barada gürrüň berdi. Şol bir wagtda bu duşuşygyň esasy maksadynyň Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Ermenistanyň Döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak bolup durýandygy bellenildi.

Rektor D.Galoýan bolsa öz gezeginde Ilçiniň EDYU gelmegine minnetdarlyk bildirdi we ýokary okuw jaýynyň işi bilen tanyşdyrdy. Bu ýokary okuw jaýynda ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça hünärmenleriň taýýarlanýandygyny belledi. Ol şol bir wagtda «Amberd» ylmy-barlag merkeziniň işi barada jikme-jik aýdyp bermek bilen, ilçini bu bilim edarasynyň işleri bilen hem tanyşdyrdy. Şeýlelikde, rektor daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny nygtady.

Söhbetdeşler ylmy-barlaglar çygrynda hyzmatdaşlygyň, hususan-da, iki döwletiň ykdysady gatnaşyklary bilen bagly derňewleri geçirmegiň möhümdigini bellediler. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylandan we takyklaşdyrylandan soň iki dostlukly döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada Ähtnama gol çekmek kararyna gelindi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň