Rahat Japarow Belarusyň «Gomel» toparynda çykyşlaryny dowam edip biler

15:4716.01.2023
0
63812

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň derwezeçisi Rahat Japarow Belarusyň milli çempionatynda çykyşlaryny dowam etdirip biler.

Futbolçynyň agenti Gennadiý Hristoforidi türkmen metbugatyna beren maglumatynda Gomel şäheriniň toparynyň türkmenistanly derwezeçi bilen şertnama baglaşmaga ýakyndygyny aýtdy.

Rahat Japarowa Ermenistan we Gruziýanyň toparlaryndan hem teklip geldi. Häzir bu toparlar futbolçynyň öz pikirine garaşýarlar. Rahat Japarow bilen Özbegistanyň «Surhon» topary hem ýakyndan gyzyklanýar.

Maglumat üçin belläp geçsek, Rahat Japarow 2021-nji ýylda «SSKA-nyň» düzüminde Täjigistanyň çempionatynyň iň gowy derwezebany bolmagy başaran bolsa, ol 2022-nji ýylda bu netijäni «Abdyş-Atanyň» düzüminde — Gyrgyzystanda gaýtalamagy başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň