Soňky habarlar

Arhiw

SSSR-iň halk artisti Inna Çurikowa aradan çykdy

19:5414.01.2023
0
28263

14-nji ýanwarda SSSR-iň halk artisti Inna Çurikowa 79 ýaşynda hassahanada aradan çykdy diýip, TASS habarlar gullugy onuň işleýän «Mark Zaharowyň Lenkomy» teatrynyň direktory Mark Warşaweriň habaryna salgylanyp, habar berdi.

Aktrisany soňky ýoluna ugratmak dabarasy Moskwada 17-nji ýanwarda «Mark Zaharowyň Lenkomy» teatrynda geçiriler.

Inna Mihaýlowna Çurikowa 1943-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Başgyrdystanda dünýä indi. Ol Şepkin sungat uçilişşesini tamamlady, Moskwanyň Ýaş tomaşaçylar teatrynda işe başlady. Talypka «Morozko» atly filmde surata düşdi.

1973-nji ýyldan bäri Moskwanyň Lenin komsomoly adyndaky teatrynda işledi. Dürli sylaglara, şol sanda RF-niň «Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordenine mynasyp boldy. Kinoda we teatrda ençeme ýatda galyjy keşpleri döretdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň