Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda çapuw aty klonlaşdyryldy

11:0314.01.2023
0
51893
Hytaýda çapuw aty klonlaşdyryldy
Surat: google.com

Hytaýly alymlar ilkinji gezek çapuw atyny klonlaşdyrdylar, synag netijesinde dünýä inen taýçanaga Çžuan Çžuanu diýlip at berildi. Bu barada «RIA Nowosti» habarlar gullugyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Häzir ýedi aýlyk taýçanak üçin öýjükler dürli ýaryşlarda baýraklara mynasyp bolan Ursus lakamly sport aýgyryndan alyndy. Klonlaşdyrmak boýunça synagy «SinoGene» kompaniýasy geçirdi we bu ugurdaky işlere 2021-nji ýylda girişildi.

Habarda asyl nusga bilen klonuň tas birmeňzeş reňkdedigi bellenýär, olaryň diňe tumşugydyr aýaklarynyň reňkinde biraz tapawut bar. Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, synagyň baş maksady Hytaýda naýbaşy at tohumyny döretmekden ybaratdyr.

Klonlaşdyrma diňe bir kämil nusgadaky haýwanlary döretmäge däl, eýsem, olaryň öz ene-atalarynyň iň gowy häsiýetlerini miras almagyna-da mümkinçilik berýär, tebigy köpeldilende welin, bu hemişe başa baryp durmaýar. Alymlar Çžuan Çžuanuwyň (terjime edilende, «Daýawja) 2028-nji ýylda geçjek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp biljekdigini aýdýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň