Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ilçisi Özbegistanyň daşary syýasat edarasynda kabul edildi

14:4013.01.2023
0
47738
Türkmen ilçisi Özbegistanyň daşary syýasat edarasynda kabul edildi
Surat: mfa.uz

Türkmenistanyň Özbegistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýazguly Mämmedow ýurduň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Bahtiýor ​​Saidow bilen duşuşdy. Düýn geçirilen duşuşykda dostlukly türkmen-özbek gatnaşyklaryny, we strategik hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagyň möhüm meselelerine garaldy diýip, Özbegistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn amala aşyrylan ýokary derejeli saparlaryň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi. Şol sanda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäklerindäki çäreleriň tertibi boýunça pikir alşyldy.

Taraplar duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň görkezijilerini ýokarlandyrmak, söwda we senagat hyzmatdaşlygy ugurlarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak üçin ýörite teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen ilçisi duşuşykda Türkmenistanyň medeni we ynsanperwer gatnaşyklary güýçlendirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň