Özbegistanyň daşary işler ministri Wladimir Norow başga işe geçýändigi sebäpli wezipesinden boşadyldy. Özbegistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli resminamasyna laýyklykda, ýurduň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek bilim ministri Bahtiýor Saidowyň üstüne ýüklenildi. Bu barada Özbegistanyň daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.
Ýeri gelende bellesek, Bahtiýor Saidow mundan ozal ýurduň Ministrler Kabinetinde, Daşary ykdysady aragatnaşyklar, maýa goýumlar we söwda ministrliginde, Özbegistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynda dürli wezipelerde işleýär. Şeýle-de ol Özbegistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky, şol bir wagtda özünde Mongoliýadaky we Flippinlerdäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň wezipesini ýerine ýetirýär. Bahtiýor Saidow 2022-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri Özbegistanyň Bilim ministrligine ýolbaşçylyk edýärdi.
Ozal habar berşimiz ýaly, Wladimir Norow 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Özbegistanyň daşary işler ministri wezipesine bellenilipdi. Şu ýylyň awgust aýynda Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda ol Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglandy.
Maglumat hökmünde ýatlatsak, Wladimir Imamowiç Norow 1955-nji ýylyň 31-nji awgustynda Buharada dünýä indi. Ol 1998 – 2003-nji ýyllarda Germaniýa Federatiw Respublikasynda, 2002-2003-nji ýyllarda Şweýsariýada we Polşa Respublikasynda, 2004 – 2006-njy ýyllarda Belgiýada, 2005-2006-njy ýyllarda Ýewropa Bileleşigi hem-de NATO ýaly halkara guramalarda Özbegistanyň diplomatik wekili bolup işledi. 2006 – 2010-njy ýyllar aralygynda Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri, 2019 – 2021-nji ýyllarda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary wezipelerinde zähmet çekdi.