Soňky habarlar

Arhiw

Wladimir Norow Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglandy

22:0126.08.2022
0
32394
Wladimir Norow Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglandy
Surat: turkmenmetbugat.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wladimir Imamowiç Norowy Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamak baradaky Permana gol çekdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu orden diplomata Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary, şeýle hem iki ýurduň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge goşan şahsy goşandy üçin gowşuryldy.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidenti şu gün özbek wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabada sapar bilen gelen W.Norowy kabul etdi.

Maglumat hökmünde ýatlatsak, Wladimir Imamowiç Norow 1955-nji ýylyň 31-nji awgustynda Buharada dünýä indi. Ol 1998 – 2003-nji ýyllarda Germaniýa Federatiw Respublikasynda, 2002-2003-nji ýyllarda Şweýsariýada we Polşa Respublikasynda, 2004 – 2006-njy ýyllarda Belgiýada, 2005-2006-njy ýyllarda Ýewropa Bileleşigi hem-de NATO ýaly halkara guramalarda Özbegistanyň diplomatik wekili bolup işledi. 2006 – 2010-nji ýyllar aralygynda Özbegistan Resbuplikasynyň daşary işler ministri, 2019 – 2021-nji ýyllarda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary wezipelerinde zähmet çekdi. Wladimir Norow 2022-nji ýylyň 27-nji aprelinden bäri Özbegistan Resbuplikasynyň daşary işler ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň