«Ýakyn on ýylda dünýä «ähli bergi krizisleriniň enesi» bilen ýüzbe-ýüz bolar» diýip, 2008-nji ýyldaky ykdysady krizisi öňünden çaklan tanymal ykdysatçy Nuriel Rubini hasap edýär diýip, «Vesti.ru» ýazýar.
«Biz özgeriş nokadyna tarap hereket edýäris, ol döwlet we hususy karz berijileriň we karz alyjylaryň, tygşytçyllaryň we sahylaryň durmuşyny özgerder. Onýyllygyň dowamynda biz ähli bergi krizisleriniň naýbaşysy bilen ýüzbe-ýüz bolarys» diýip, Rubini «El Mundo» gazetine beren interwýusynda nygtady.
Ykdysatçy şeýle-de 2023-nji ýylda dünýäniň köp ýurdunda ykdysady ösüşiň başlanjakdygy baradaky çaklamalara ynanyp barmaýar hem-de munuň bir sebäbi hümmetsizlenme bolup durýar, ony 10 göterimden 5 göterime çenli peseltmek aňsat, emma 5 göterimden 2 göterime peseltmek welin, juda kyn. Onsoňam bergiler ykdysady pese gaçyşlygy güýçlendirýär hem-de defoltlaryňdyr maliýe stresleriň töwekgelçiligini artdyrýar diýip hasaplaýar.
Ykdysatçy bergi krizisini dünýä ykdysadyýeti üçin aňrybaş howp hasaplaýar, onuň pikiriçe, ýurtlaryň köpüsi demografiki kynçylyklardyr howa heläkçilikleri bilen ýüzbe-ýüz bolar, emeli aňyň täsirine düşer. Galyberse-de, dünýä pandemiýalar-da howp salýar. Häzirki nesil ösüş eýýamynyň ahyryny başdan geçirýär. Ertirki gün bulam-bujarlygyň we ötüşen durnuksyzlygyň döwri bolar.