Beýik Britaniýada 112 ýaşly Jon Alfred Tinniswud aradan çykdy, ol dünýäde iň uzak ýaşly erkek kişidi diýip, «Daily Mirror» gazetine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
«Jenap Tinniswud düşenbede (25-nji noýabrda) Sautportdaky garrylar öýünde aradan çykdy» diýlip, habarda bellenýär.
Britaniýalynyň maşgala agzalarynyň sözlerine görä, ol soňky günlerde «mähir we saz» bilen gurşaldy. Olar Tinniswudy akylly, batyr adam diýip häsiýetlendirdiler. Goja şeýle-de ajaýyp söhbetdeşdi we matematikadan zehinlidi.
Tinniswud ömrüniň agramly bölegini «Shell» we «BP» kompaniýalarynda hasapçy bolup işledi. 1972-nji ýylda pensiýa çykdy. 1986-njy ýylda 44 ýyllyk nikadan soňra sallah galdy. Onuň yzynda bir gyzy, dört agtygy we üç çowlugy galdy.