Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarowy kabul etdi. Diplomat türkmen döwletiniň Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we gyrgyz diplomaty hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerini nazara alyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Söwda-ykdysady ulgamda, ulag-üstaşyr düzümlerde, energetika, oba hojalygy ýaly pudaklarda, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde, ylym we bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlarynda iki dostlukly halklaryň abadançylygyna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, iki döwletiň Daşary işler ministrlikleriniň derejesindäki yzygiderli gatnaşyklar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirýär.
Duşuşygyň barşynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň ähmiýeti bellenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurtlar, şol sanda Gyrgyzystan bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, iki doganlyk halkyň taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarow Prezident Serdar Berdimuhamedowa özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça netijeli pikir alyşmalar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, iki ýurduň we doganlyk iki halkyň, şeýle hem sebitiň durnukly ösüşiniň bähbidine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.