Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň ýollaryny gardan arassalamakda 200-e golaý tehnikadan peýdalanylýar

15:3211.01.2023
0
59201

Häzirki wagtda Türkmenistanda, şol sanda Aşgabatda adatdan daşary sowuk howa ýagdaýy dowam edýär. Ozal habar berişimiz ýaly, sebitlerde kadasyndan 10 — 16 dereje pes bolmagyna garaşylýan sowuk howa ýanwar aýynyň ikinji ongünlüginiň ortalaryna çenli dowam eder.

«Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilişi ýaly, jemagat hojalygy gullugynyň işgärleri ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň ýylylyk, agyz suw üpjünçilik, lagym geçiriji, lift ulgamlarynyň kadaly işlemegine gözegçilik etmek, şeýle-de şäherde degişli arassaçylyk işlerini wagtly-wagtynda geçirip durmak ýaly wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda ýadawsyz zähmet çekýärler.

— Ýurdumyza adaty bolmadyk sowuk howa akymynyň aralaşmagy, garyň ýagmagy bilen baglylykda, hereket howpsuzlygyny üpjün etmek üçin köçeleri, şol sanda köp gatnawly uly ýollary gardan arassalamak häzirki dowam edýän gyş günlerinde ilkinji nobatdaky örän möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Biz bu ugurdaky işlere eýýäm öňünden taýýarlykly geldik. Sebäbi biz Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň hünärmenlerinden garaşylýan howa ýagdaýlary baradaky maglumatlary eýýäm öňünden alýarys.

Paýtagtymyzda garyň ýagyp başlamagy bilen, biz hem derrew degişli işlerimize, ýollarda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky çärelere girişdik. 200-e golaý tehnikamyzdan peýdalanyp, şäheriň ýollaryny, esasy gatnawly köçelerini gardan arassalamaga başladyk. Ýollardaky gary aýyrmak, şol bir wagtda ýaşaýyş jaýlarynyň ýylylyk, agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň kadaly işleýşine gözegçilik etmek babatda iki çalşykda, ýagny gündizki we gijeki tertipde müňden gowrak işgärimiziň nobatçylygyny ýola goýduk. Iş wezipelerimizi netijeli ýerine ýetirmek üçin gyş günlerinde, garyň ýagmagy bilen baglylykda, esasan-da, ýollary ýuwujy, süpüriji, gardan arassalaýjy tehnikalarymyzdan bökdençsiz we netijeli peýdalanylýar — diýip, Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň başlygy Orazmuhammet Hojagulyýew gürrüň berdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň