2023-nji ýylda Türkmenistanda ilkinji garly we aýazly howa garaşylýar

11:1708.01.2023
0
80768

Sinoptikleriň çaklamalaryna görä, Türkmenistanda şu ýyl ilkinji garyň 9-10-njy ýanwarda ýagmagyna garaşylýar.

«Meteojurnal» 9-njy we 10-njy ýanwarda Türkmenistanyň birnäçe sebitinde gar ýagjakdygyny habar berdi.

9-njy ýanwarda Ahal, Lebap, Balkan we Mary welaýatlarynyň käbir ýerlerinde gar ýagar. Balkanda temperaturanyň -4°… + 1°, aşa günortada 0… + 4°, Ahalda - 4°… + 1 °, günorta-gündogarda -1°… + 4 bolmagyna garaşylýar. 9-njy ýanwar gijesinde we gündizine Aşgabatda gar ýagar diýlip çaklanýar. Gündizki temperatura 0… -3° bolar.

10-njy ýanwarda Mary we Lebap welaýatlarynyň merkezi we günorta sebitlerinde gar gatyşykly ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Ýurduň hemme ýerinde diýen ýaly sowuk howa bolup, temperaturanyň aşaklamagyna garaşylýar. Daşoguz welaýatynda bolsa şu günler aýaz bolar, käbir ýerlerde howanyň temperaturasy -14°… -19° çenli aşaklar.

Çeşmäniň habaryna görä, ýakyn günlerde adaty bolmadyk aýaz bolar. Türkmenistanyň ähli sebitlerinde -15° C we ondan hem pes temperatura garaşylýar. Daşoguz welaýatynyň käbir sebitlerinde gije -20° C-den hem pes aýaz bolup biler.

Mundan ozal Türkmenistanda adatdan daşary sowuk howa garaşylýandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň