Mary welaýatynyň çäginde adaty bolmadyk aýaz bolar

10:2410.01.2023
0
44203

Mary welaýatynyň günortasynda, Serhetabatda we Tagtabazar etrabynda 12 — 14-nji ýanwarda gije -18°... -23° çenli güýçli aýaza garaşylýar.

«Meteojournal»-yň habar bermegine görä, Garabil depesindäki käbir ýerlerde aýaz, deslapky çaklamalara görä -25° ýetip biler.

Mary welaýatynda, şeýle hem Lebabyň günortasynda 10 — 15 sm galyňlykda gar ýagar.

Düýn Aşgabatda 2023-nji ýyldaky ilkinji garyň ýagmasy bir günläp dowam etdi. Häzirki wagtda paýtagt buz örtügine çolandy.

Pyýadalar we awtoulag sürüjileri buzda hereket edende howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmelidirler.

Ondan öň Türkmenistanda adatdan daşary sowuga garaşylýandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň