Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň günorta-gündogarynda güýçli gar ýagar

10:4209.01.2023
0
48776

Türkmenistanyň günorta-gündogarynda, Mary welaýatynyň Serhetabat şäherinde we Tagtabazar etrabynda, Lebabyň aşa günortasyndaky käbir ýerlerinde güýçli gar ýagmagyna garaşylýar.

Gar 9-10-njy ýanwar gijesinde ýagyp başlar we 10-njy ýanwar gününe çenli dowam eder. Çaklamalara görä, garyň galyňlygy 10 — 15 sm bolar.

Häzirki wagtda Günbatar we Merkezi Köpetdagyň daglyk sebitleriniň käbir ýerlerinde güýçli gar ýagýar we gar örtüginiň galyňlygy 10 santimetre çenli ýeter.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň