Soňky habarlar

Arhiw

2023-nji ýylda aspirantura, doktorantura, kliniki ordinatura kabul ediljekleriň sany tassyklandy

21:4505.01.2023
0
30847

Täze taryhy döwürde Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurduň ykdysadyýetine, ylym-bilim, lukmançylyk we medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dilini we edebiýatyny ylmy esaslarda öwrenmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, şeýle hem kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň