Top.Mail.Ru

TFF möwsümiň ahyrynda şahsy baýraklaryň ýeňijilerini yglan etdi

13:2705.01.2023
0
33532

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda 2022-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemi jemlendi. Onuň netijesinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sport žurnalistleriniň we Ýokary liganyň futbol klublarynyň wekilleriniň arasynda ýazuw arkaly geçirilen pikir-soraşmanyň jemine seredildi. Bu barada federasiýanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Geçirilen ses berlişigiň netijesinde «Köpetdag» toparynyň oýunçysy Begenç Akmämmedow «Iň ökde oýunçy» diýlip yglan edildi.

Geçen möwsümde garşydaşlarynyň derwezesinden 27 top geçiren Didar Durdyýew («Ahal») iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdeligi eýelemegi başardy.

«Iň ökde tälimçi» diýlip, «Ahalyň» tälimçisi Mergen Orazow saýlanyldy.

«Ahalyň» derwezeçisi Rasul Çaryýew geçen möwsümiň «Iň ökde derwezeçisi» ugrunda öňe saýlandy.

Resul Mämmedow «Iň ökde emin» diýlip yglan edildi.

Çempionatyň dowamynda «Adalatly oýun görkezen topar» ugrundaky baýraga «Merw» topary mynasyp boldy.

Şeýle-de, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň iň ökde futbolçylarynyň 22-ligi hem seçilip alyndy.

Birinji düzüm:

  • Rasul Çaryýew («Ahal»)– derwezeçi;
  • Mekan Saparow, («Altyn Asyr»), Abdy Bäşimow, Şöhrat Söýünow, Ata Geldiýew (hemmesi «Ahal») – goragçylar;
  • Mirza Beknazarow, Arslanmyrat Amanow (ikisi-de «Ahal»), Ahmet Ataýew, Altymyrat Annadurdyýew (ikisi-de «Altyn Asyr») – ýarym goragçylar;
  • Didar Durdyýew («Ahal»), Begenç Akmämmedow («Köpetdag») – hüjümçiler.

Ikinji düzüm:

  • Mämmet Orazmämmedow ( «Altyn Asyr») – derwezeçi,
  • Zafar Babajanow, Yhlas Toýjanow (ikisi-de «Altyn Asyr»), Serdar Baýramow («Köpetdag»), Ybraýym Mämmedow («Ahal») – goragçylar;
  • Ilýa Tamurkin, Elman Tagaýew (ikisi-de, «Ahal»), Mekan Aşyrow («Şagadam») , Myrat Annaýew («Altyn Asyr») – ýarym goragçylar;
  • Alibek Abdyrahmanow («Merw»), Kerim Hojaberdiýew («Şagadam») – hüjümçiler.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň