Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly 2023-nji ýyldaky ilkinji Hökümet mejlisini geçirdi.
Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Atdaýew döwlet Baştutanynyň garamagyna «Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine pagta önümlerini ýerlemek hakyndaky» Kararyň taslamasyny hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak maksady bilen, degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, pagta süýüminiň dürli görnüşlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin, Dokma senagaty ministrligine pagta süýüminiň dürli görnüşleriniň bellenilen möçberlerini degişli bahalardan ýerlemäge ygtyýar berildi.
Döwlet Baştutany degişli Karary sanly ulgam arkaly wise-premýer B.Atdaýewe iberip, ýurduň dokma kärhanalaryny senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin pagta süýüminiň dürli görnüşleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle-de okaň: