Soňky habarlar

Arhiw

2022-nji ýylda türkmen-azerbaýjan söwda dolanyşygy rekord derejä ýetdi

10:4403.01.2023
0
31182

2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky söwda dolanyşygy bäş esse artyp, rekord derejä ýetdi. Bu barada «Trend» habar berdi.

Habarda mundan başga-da, geçen ýylyň dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitiniň ulag we üstaşyr mümkinçilikleriniň ösmegine we üç döwletiň bitewi energetika merkezine öwrülmegine uly goşant goşjakdygy aýdylýar.

2022-nji ýylda türkmen gazyny Azerbaýjanyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna eksport etmek meselesi üns merkezinde boldy, munda 2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hökümetleriniň arasynda Hazar deňzindäki «Dostluk» uglewodorod ýatagynda bilelikde gözleg, işläp taýýarlamak hem-de özleşdirmek işlerini geçirmekde özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi möhüm ähmiýete eýe bolar diýip, çeşme belleýär.

Geçen ýylda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň birnäçe ýurtlarda, şol sanda Türkmenistanda saparda bolandygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijesinde öndürijilikli birnäçe ylalaşyklaryň baglaşylandygy habarda aýdylýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň