Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda "Dostluk" uglewodorod ýatagy boýunça Ähtnama gol çekildi

17:5321.01.2021
2
9912
Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda "Dostluk" uglewodorod ýatagy boýunça Ähtnama gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliyewiň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň döwlet habarlar gullugy habar berýär.

Bu möhüm duşuşykda Türkmenistanyň bilen Azerbaýjanyň Prezidentleri taryhy resminama gol çekişlik dabarasyna gatnaşdylar. Iki ýurduň Prezidentiniň gatnaşmagynda Hazar deňzinde “Dostluk” uglewodorod ýatagynda bilelikde uglewodorod serişdelerini gözlemek, özleşdirmek we işläp düzmek babatda iki döwletiň hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Döwlet Baştutanlary öz çykyşlarynda bu taryhy resminama häzirki zaman türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ösüşinde täze tapgyra öwrülendigini aýtdy.

Ähtnama Türkmenistanyň Daşary işler ministri R. Meredow we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow gol çekdi.

Energetika pudagynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlykda täze sahypa açýan ähtnama, Hazar sebitinde dowamly parahatçylyk, hoşniýetlilik we deňhukuklylyk atmosferasyny döretmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň netijesidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Watanymyz ( 22/01/2021 )

Мы братья, один народ два государства!

0
Shanazaryomut ( 22/01/2021 )

Turkmenistan uçin haýyrly bereketli bolsyn, taze iş uçin nira yüz tutup bileris

1