Soňky habarlar

Arhiw

«Çeburaşka» prokatdaky ilkinji gününde 225 million rubl toplady

18:0002.01.2023
0
28149

Russiýaly kinorežissýor Dmitriý Dýaçenkonyň «Çeburaşka» atly täze çeper filmi prokata çykan ilkinji gününde — 1-nji ýanwarda 225 million rus rublundan gowrak kassa ýygymyny toplady. Bu barada Russiýanyň «Kinoprokatçynyň býulleteni» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Filmde baş keşpleri görnükli artistler Sergeý Garmaş we Olga Kuzina ýerine ýetirýärler.

Neşiriň ýazmagyna görä, bu film Täze ýyl prokatyna çykan beýleki ýerli filmlerden hem ozduran rekord kassa ýygymyny toplady. Ondan öňki iň köp kassa ýygymyny toplan filmler «Soňky batyr: Erbetligiň köki» (156 mln), «Holop» (147 mln), « Soňky batyr: Tümlügiň çapary» (142 mln) we «Wiking» (133 mln) boldy.

Habarda täze maşgala filminiň kassa ýygymlarynyň artýandygy, häzirki wagta çenli oňa 2 milliona golaý adamyň tomaşa edendigi aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň