Soňky habarlar

Arhiw

Tennis boýunça Türkmenistanyň kubogynyň eýeleri belli boldy

23:0229.12.2022
0
42401

Atly Gurbanow bilen Ilim Guseýnowa tennis boýunça Türkmenistanyň kubogynyň eýeleri boldular. Kubok ýaryşy Aşgabat şäherinde milli reýtinginde öňdäki orunlary eýeleýän 12 we şondan uly ýaşly türgenleriň arasynda geçirildi.

Erkekleriň ýekelikdäki ýaryşynda Atly Gurbanow ýeňiş gazandy. Ýuriý Rogusskiý ikinji, Hajymyrat Çaryýew bolsa üçünji boldy.

Gyzlardan bolsa Ilim Guseýnowa Türkmenistanyň kubogyna eýe boldy. Onuň bary-ýogy 12 ýaşyndadygyny bellemelidiris. Munuň özi tennis boýunça ýurduň gyzlar mekdebiniň geljeginiň uludygyny görkezýän hakykatdyr.

Ikinji ýere Rožan Garajaýewa, üçünji ýere bolsa Merýem Muhammedowa mynasyp boldular.

Bu ýerde 10 we şondan kiçi ýaşly çagalaryň arasynda hem Türkmenistanyň kubogy geçirildi. Alyryza Meredow, Demid Ugrýumow we Kiril Fedçenko oglanlaryň ýaryşyny ýeňiş bilen jemlediler. Sülgün Işangulyýewa, Sähra Garahanowa hem-de Näzli Hudaýgulyýewa dagy gyzlaryň arasyndaky ýeňijiler hökmünde bellige alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň