Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbek tarapy Türkmenistan — Özbegistan serhetýaka söwda zolagyny döretmek bilen bagly işleriň depginini güýçlendirmek isleýär

20:5628.12.2022
0
57124
Özbek tarapy Türkmenistan — Özbegistan serhetýaka söwda zolagyny döretmek bilen bagly işleriň depginini güýçlendirmek isleýär
Surat: uzdaily.uz

28-nji dekabrda Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginde Türkmenistan bilen serhetýaka söwda zolagynyň gurluşygy bilen bagly işleriň depginini güýçlendirmek barada mejlis geçirildi. Bu barada özbek metbugatynda habar berildi.

Çeşmede habar berlişine görä, Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary, maýa goýumlar we daşary söwda ministri Jamşid Hojaýewiň ýolbaşçylygynda geçen mejlisde degişli ýolbaşçylara Özbegistanyň Horezm welaýatynyň Şabat sebitinde gurulýan «Türkmenistan — Özbegistan serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini» işe girizmegi tizleşdirmek barada tabşyryklar berildi. Şeýle-de mejlisiň dowamynda oktýabr aýynda gol çekilen «Türkmenistan — Özbegistan serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini» döretmek baradaky resminamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi düýpli seljerildi. Söwda merkeziniň gurluşygyna jogapkär ýolbaşçylaryň Horezm sebitiniň Şabat sebitinde 3 gektar ýer bölünip berilmegi, taslamanyň maliýe çykdajylarynyň kesgitlenmegi, ähli gyzyklanýan ministrlikler we edaralar bilen bilelikde taslamany maliýeleşdirmek üçin täjirçilik banklarynyň gatnaşmagy baradaky hasabatlary diňlenildi.

Söwda merkeziniň gurluşygy bilen bir hatarda, onda işleri utgaşdyrmak, salgyt ulgamynda, gümrük we serhet gözegçiliginde ýeňillikleri we artykmaçlyklary ýola goýmakda türkmen tarapy bilen özara hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň ahyrynda iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin Söwda merkezini gysga wagtyň içinde işe girizmegiň zerurdygy nygtaldy.

Ýeri gelende bellesek, Özbegistanyň Pezidentiniň oktýabr aýynda Türkmenistana bolan saparynyň dowamynda «Daşoguz — Horezm» serhetýaka söwda zolagynyň gurluşygyna badalga berlipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň