Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburga iş saparyny tamamlady

22:0926.12.2022
0
26267

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna baryp, Sankt-Peterburg şäherinde GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Sankt-Peterburg şäherindäki Ýelsin adyndaky Prezident kitaphanasynda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy ýokary derejede geçirildi.

GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň her ýyl geçirilmegi däp bolan ýokary derejeli resmi däl duşuşygy tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburg şäheriniň «Pulkowo» Halkara howa menziline geldi we Russiýa Federasiýasyna iş saparyny tamamlap, Aşgabada ugrady.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň