Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhmedow sapar bilen Russiýa Federasiýasyna gitdi

15:0626.12.2022
0
33725
Serdar Berdimuhmedow sapar bilen Russiýa Federasiýasyna gitdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburg şäherinde GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň däp boýunça her ýylda geçirilýän resmi däl sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna gitdi.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurduň resmi adamlary ugratdylar diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde wajyp orny eýeleýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň berkidilmegine mynasyp goşant goşýar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Türkmenistan GDA agza döwletler bilen ählumumy maksatlary we her bir tarapyň milli bähbitlerini nazara almak bilen, guramanyň işine işjeň gatnaşýar.

Resmi däl ýagdaýda geçirilýän duşuşyk GDA döwletleriniň ýolbaşçylaryna umumy gyzyklanma bildirilýän halkara derejesindäki birnäçe meseleleri, özara gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döreder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň