Top.Mail.Ru

Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyla bagyşlap «Dowam bolsun!» atly goşgy ýazdy

21:5024.12.2022
0
49864
Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyla bagyşlap «Dowam bolsun!» atly goşgy ýazdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkezi bolan Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde alnyp barylýan işler, hususan-da, şäheriň ikinji tapgyrynda guruljak binalardyr desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle-de şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna ak pata berdi.

Habar berlişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow şäherde bolmagynyň çäklerinde täze şähere Arkadag adyny dakmak baradaky çözgüdiň kabul edilendigi üçin, ähli watandaşlaryna we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlaryna öz minnetdarlygyny bildirdi. Şeýle-de türkmen halkyny ýetip gelýän Täze ýyl baýramy mynasybetli gutlady we bu baýramçylyga bagyşlap öz oý-pikirlerini goşgy setirlerine geçirendigini aýtdy hem-de ony okap berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow «Dowam bolsun!» atly täze goşgusynda şeýle setirler bar:

Ýyllaryň hatar kerweni,
Goja dünýäň hakydasy.
Durmuş bir kitap ýalydyr,
Her ýyl täze sahypasy.

Ýyldyrym deý ýüwrük atyň
Badynda gördüm ýyllary!
Ak bagtyň ak ýollaryna
Badalga gördüm ýyllary!

Asman-Zemin arasy,
Giň dünýämiz parahat.
Güller açsyn gül Watan,
Köňüller bolsun rahat.

Doýma ýok ynsan ogluna,
Durmuşyň şirin dadyndan.
Bezeýär uly dünýäni
Ýaz ýaly ýagşy adamlar.

Giň jahanda dostluk berkäp,
Şatlyk-gülki, owaz bolsun!
Türkmeniň döwletli ýoly
Ak geljege dowam bolsun!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň