Ispaniýanyň «Joma» brendiniň Aşgabatdaky resmi dükanyna köpdürli sport harytlary gelip gowuşdy

09:3324.12.2022
0
39167

Ispaniýanyň «Joma» sport haryt nyşanynyň Türkmenistandaky resmi paýlaýjysy Aşgabatdaky dükanyna gelen täze harytlar bilen tanyşmaga çagyrýar. Bu haryt görnüşleri uly ýaşlylar hem-de çagalar üçin niýetlenendir.

«Joma» haryt nyşanynyň täze egin-eşik önümlerine kurtkalar, wetrowkalar, sport geýimleri, termogeýimler, legginsler, köýnekçeler we beýleki geýimler degişli.

Bu brendiň aýakgaplarynyň hilini we berkligini aýratyn belläp geçmek gerek. Olaryň ähli görnüşleri iň häzirki zaman tehnologiýalar esasynda ultra döwrebap materiallardan taýýarlanandyr.

Şular bilen birlikde hem, dükanda torbalar, sport horjunlary, ellikler, goranyş esbaplary, pökgüler, «Author» haryt nyşanly sport welosipedleri (Çehiýa) we beýlekiler ýaly aksessuarlaryň we enjamlaryň köp görnüşleri hödürlenýär.

Dünýä belli brendiň resmi dükanyndan fitnes türgenleşikleri, ýeňil atletika, futbol, basketbol, woleýbol we tennis üçin, şeýle-de sport stilindäki dürli hili egin-eşik toplumlaryny saýlap almak bolýar.

Ispaniýanyň bu brendiniň egin-eşik toplumlaryny UEFA-nyň futbol toparlary, Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň we Afrikanyň basketbol, gandbol hem-de woleýbol toparlary hem peýdalanýarlar.

Aşgabatdaky «Joma» dükanynyň ýerleşýän salgysy: «Bagtyýarlyk» söwda we dynç alyş merkezi, 2-nji gat, 22-nji dükan.

Habarlaşmak üçin:

  • telefon belgileri: (+993 63) 00 85 39; (+993 63) 00 84 39; (+993 62) 74 72 27;
  • sosial media ulgamyndaky hasaby.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň