Türkmenistanyň Prezidenti ýer böleklerini döwlet edara-kärhanalaryna peýdalanmaga bermek baradaky Buýruga gol çekdi

22:2623.12.2022
0
38351

Ministrler Kabinetiniň şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Ýer hakyndaky» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we «Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran Kararyna laýyklykda, degişli Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýuridik şahslaryň ýer böleklerinden peýdalanmak hukugyny, olaryň peýdalanýan ýer böleklerini peýdalanmaga bermek üçin, agzalan şahslaryň ylalaşygy esasynda bes etmek, şeýle hem ýer böleklerini döwlet edara-kärhanalaryna peýdalanmaga bermek bellenildi.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Ahal we Balkan welaýatlarynyň häkimlikleri bilen bilelikde ýer böleklerinden peýdalanmak hukugyny bes etmek hem-de ýer böleklerini peýdalanmaga bermek boýunça namalary bellenen tertipde resmileşdirmäge borçly edildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň