Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi

21:5123.12.2022
0
29243
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisde döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine hem-de pudaklary ösdürmek bilen bagly birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň barşynda, ilki bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli kanunçylygy kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ýerine ýetirilýän işler, durmuşa geçirilýän çäreler hakynda maglumat berdiler. Şunda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli kanunçylygy, hereket edýän kanunlary kämilleşdirmekdäki tagallalary, ýurduň sebitlerinde iş saparlarynda bolup, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, dürli kärlerde zähmet çekýän raýatlaryň hal-ýagdaýlary, alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşýandygy, deputatlaryň gatnaşýan çäreleri, şol sanda geçirýän wagyz-nesihat işleri barada hem aýdyldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, şol sanda pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, olaryň netijeleri, döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, öňde boljak çärelere, şol sanda baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary ösdürmek ugrundaky wezipeler, Täze ýyl baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň