Soňky habarlar

Arhiw

FIFA Katar-2022-niň iň owadan goluny saýlady

17:5423.12.2022
0
32223

Tamamlananyna bir hepde bolup barýan Katar 2022 Dünýä Kubogynyň iň owadan goly mälim edildi.

FIFA-nyň habar bermegine görä, çempionatyň iň owadan goly diýlip braziliýaly Rişarlisonyň üstaşyr ýagdaýda Serbiýanyň derwezesinden geçiren ajaýyp goly saýlandy.

Ses berlişik esasynda saýlanan bu gol Salem Al-Dowsariniň (Saud Arabystany — Argentina), Paýk Syn Honuň (Braziliýa — G.Koreýa), Neýmaryň (Braziliýa — Horwatiýa), Kodi Gakponyň (Niderlandlar — Senegal), Fernandesiň (Argentina — Meksika), Wensan Abubakaryň (Kamerun — Braziliýa), Luis Çawesiň (Meksika — Saud Arabystany), Kilian Mbappeniň (Fransiýa — Polşa) gollaryndan köp ses almagy başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň