Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2022-nji ýylyň futbol möwsümi tamamlandy

17:3323.12.2022
0
27651

Şu gün Türkmenistanda 2022-nji ýylyň futbol möwsümi tamamlandy.

Möwsümiň iň soňky duşuşygy Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk boldy. Onda «Altyn asyr» Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyny» 3:1 hasabynda ýeňip, taryhynda sekizinji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy.

Türkmenistanyň futbol çempionaty, ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýyl «Ahal» futbol toparynyň çempionlygy bilen tamamlandy. Şeýle hem «Ahal» 2022-nji ýylda taryhynda dördünji gezek Türkmenistanyň kubogyny, ikinji gezek Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyny gazandy.

Türkmenistanyň çempionatynda «Altyn asyr» kümüş, «Merw» bolsa bürünç medala mynasyp boldy.

Şeýlelikde, «Ahal», «Altyn asyr» we «Merw» futbol toparlary indiki möwsümde AFK-nyň geçirjek klublaýyn ýaryşlaryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Has takygy, 2023 ― 2024-nji ýyllaryň futbol möwsüminde «Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasynda, «Altyn asyr» bilen «Merw» AFK-nyň kubogynda ýaryşar.

Türkmenistanyň futbol çempionaty ― 2022-de iň netijeli futbolçy «Ahalyň» hüjümçisi Didar Durdyýew boldy. 29 ýaşly hüjümçi 28 duşuşykda 27 gezek tapawutlandy. Ol gollarynyň 5-sini 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi.

Ýokary liganyň ýaşlar düzümleriniň arasyndaky milli birinjilik «Altyn asyryň» ýaşlarynyň bassyr dördünji çempionlygy bilen tamamlandy.

Şu ýyl «Ahalyň» taryhynda ilkinji gezek AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşyp, toparçada 4 utuk toplap bilendigini hem ýatlamak gerek. «Altyn asyr» bilen «Köpetdag» bolsa AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda ýaryşdylar.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2022-nji ýylda resmi duşuşyklaryň dördüsini geçirdi. Maý aýynda Tailandyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçiren türkmen futbolçylary güýçli garşydaşdan 0:1 hasabynda utuldylar. Iýun aýynda Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyrynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda türkmen ýygyndysy Malaýziýadan 1:3, bahreýnden 0:1 hasabynda ýeňlip, Bangladeşiň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Türkmenistanyň futbol ýygyndysy 2022-nji ýyly FIFA-nyň reýtinginiň 135-nji ornunda jemledi.

Tamamlanyp barýan ýylda Türkmenistanyň futbol boýunça 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyryndan üstünlikli geçip, ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykdy. Çärýek finalda Awstraliýanyň ýaşlar ýygyndysyndan 0:1 hasabynda utulan türkmen ýygyndysy geljekki yklym ýaryşlary üçin güýçli we maksada okgunly futbolçylaryň ýetişip gelýändigini subut etdi. Çünki mundan ozal Türkmenistanyň 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogynyň final tapgyryna hiç haçan gatnaşmandy. Ilkinji gezekde çärýek finala çenli ýetip bilmek futbol jemgyýetçiliginiň hem ünsüni özüne çekdi.

Türkmenistanyň futbol boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy bolsa Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyrynyň «A» toparçasynda ikinji orny eýeläp, yklym ýaryşynyň final tapgyryna çykmak mümkinçiligini ýitirdi.

Umuman, 2022-nji ýylyň türkmen futboly üçin düşümli ýyllaryň biri bolandygyny aýdyp bileris. Sekiz möwsümden soňra çempionyň çalyşmagy, «Ahal» futbol toparynyň we Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň yklym ýaryşlaryndaky haýran galdyryjy oýunlary, Türmenistanyň taryhynda ilkinji gezek futbolçy gyzyň (Maýa Musaskaýa) daşary ýurt toparyna geçmegi, milli ýygyndynyň tejribeli ýarym goragçysy Ruslan Mingazowyň Gonkongyň «Kitçi» futbol toparyndaky haýran ediji oýny, derwezeçi Rahat Japarowyň Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» topary bilen ýurduň çempiony bolmagy we beýleki sebäpler şeýle diýmäge esas berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň