Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ilham Aliýewi doglan güni bilen gutlady

22:4422.12.2022
0
43942

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe doglan güni mynasybetli gutlag hatyny ýollady. Bu barada «Report» habarlar gullugy habar berdi.

«Hormatly Ilham Geýdar ogly! Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň.

Häzirki wagtda Siziň ýolbaşçylygyňyzda Azerbaýjan Respublikasy jemgyýetiň ähli ugurlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanyp, dünýädäki abraýyny yzygiderli pugtalandyryp, depginli ösüş ýolunda ynamly öňe barýar.

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha bermek bilen, aýratyn ünsüňizi we döwletara gatnaşyklaryň ösmegine ägirt uly goşandyňyzy belläsim gelýär» diýlip, gutlagda bellenilýär.

Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda Ilham Aliýew bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji üçtaraplaýyn sammitiniň çägindäki duşuşygy ýakymly täsirler bilen ýatlaýandygyny belleýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň halklaryň bähbidi üçin iň gowy dostluk we hoşniýetlilik däplerinde üstünlikli ösjekdigine ynanýandygyny nygtaýar.

Gutlag hatynyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow gadyrly kärdeşine jan saglygyny, bagt we maşgala abadançylygy, parahatçylyk, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň