Bäbekler şadyýan we sazlaşykly ýaňlanýan sazyň astynda çalt uka gidýärler. Şotlandiýanyň Dandi uniwersitetiniň alymlary şeýle netijä geldiler, bu ugurdaky habar «Psychological Studies» žurnalynda çap edildi diýip, «MIR 24» ýazýar.
Munuň üçin hünärmenler synag geçirdiler, oňa bir hepdä çenli ýaşy bolan bäbekleriň 100-si gatnaşdyryldy. Körpeleri ilki ümsümlikde ýatyrdylar, soňra pessaý we şadyýan saz goýberip, olaryň uklaýyşlaryna syn etdiler.
Netijede, çagalaryň ümsümlikdäkä garanyňda, saz eşitdirilýärkä, tiz uklaýandygy anyklandy.
Emma iň oňat netije haçan-da şadyýan saz eşitdirilýärkä, hasaba alyndy.