TÝL ― 2022: «Ahal» möwsümi uly hasaply ýeňiş bilen tamamlady

22:5120.12.2022
0
18509

Çempionlykdan soňky iki tapgyrda ýeňşi ýatdan çykaran «Ahal» her niçik hem bolsa möwsümi ýeňiş bilen tamamlamagy başardy. Mergen Orazowyň şägirtleri 28-nji tapgyrda «Aşgabady» 4:1 hasabynda ýeňdiler.

Duşuşykda ýeňiji toparyň gollarynyň ikisini 24-nji we 43-nji minutlarda Didar Durdyýew geçirdi. Şeýle hem 36-njy minutda Arslanmyrat Amanow, 90+2-nji minutda Arzuwguly Sapargulyýew tapawutlandy. «Aşgabadyň» ýeke-täk goluny bolsa 9-njy minutda Bäşim Gurbanberdiýew geçirdi.

Şeýlelikde, çempion «Ahal» möwsümi 73 utuk bilen tamamlady. 30 utukly «Aşgabada» bolsa ýaryş tertibiniň altynjy basgançagyndan ýer ýetdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň