«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan başlap, türkmen raýatlary üçin birnäçe halkara gatnawlaryň petekleriniň bahasyny 30% arzanladar. Bu barada «Orient» habar berdi.
Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.
Awiakompaniýanyň resmi web sahypasyna görä petekleriň bahasy:
(nyrhlar bir ugur üçin hasaplanan)
- Aşgabat (ASB) — Dubaý (DXB): 3893 manat (5639 manat 80 teňňe)
- Aşgabat (ASB) — Stambul (IST): 4878 manat (6658 manat 80 teňňe)
- Aşgabat (ASB) — Moskwa (DME): 4911 manat (6682 manat 10 teňňe)
- Aşgabat (ASB) — Kazan (KZN): 4887 manat (6667 manat 60 teňňe)
Awiakompaniýanyň kassasyndan petek satyn alanyňyzda çykdajylaryň 2,5% ýokary boljakdygyny bellemelidiris.
Uçuş tertibi we petekler barada has giňişleýin maglumatlary awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndan ýa-da iOS we Android üçin niýetlenen ykjam programmadan alyp bilersiňiz. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň programmasynda petek satyn almak üçin islenýän ugry we syýahat senesini saýlamaly. Bu ugurda elektron petekleriň satuwy açyk bolsa, ýolagçy sanawdan islenýän uçuşy saýlap, «Altyn Asyr» bank karty bilen töleg edip biler. Raýatlar ulgama pasportdaky maglumatlaryny girizmelidir.
Moskwadan we Kazandan Türkmenistana uçar petekleri Russiýa Federasiýasyndaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Baş Agentliginiň resmi web sahypasynda onlaýn satylýar. Töleg üçin Russiýanyň «Mir bank kartlary amatlydyr.